← Back to list

Pil ýüpi (Ynam)

Terjime eden: Aýşa Atageldiýewa

Diller Dünýäsi in dedication · 2020-12-26 05:24 · 2 claps · 0.6 min read
#hekaýa #ynam #pil #terjime
Open on Medium ↗

Pil ýüpi (Ynam)

Terjime eden: Aýşa Atageldiýewa

Bir adam pil lageriniň öňünden geçip barýarka, pilleriň kapasalarda saklanmaýandygyny ýa-da zynjyrlar bilen saklanmaýandygyny gördi.Olary lagerden gaçmakdan saklayan zat bary-yogy arkadan aýaklarynyň birine daňylan kiçijik ýüpdi. Ol adam pillere seredip durka, pilleriň näme üçin ýüpi üzip lagerden gaçmak üçin güýçlerini ulanmaýandyklary hakda oýa batdy. Muny aňsatlyk bilen edip bilerdiler, ýöne muňa asla synanyşmaýardylaram.Bilesigeliji we jogabyny bilmek isleýän adam pilleriň näme üçin şol ýerde durandygyny we hiç haçan gaçmaga synanyşmaýandygyny golaýyndaky tälimçiden sorady.Tälimçi şeýle jogap berdi;

“Olaryň ýaşlarynyň has kiçi wagtynda hem olary kiçiliginden, olary daňmak üçin şol bir ululykdaky ýüpi ulanýarys we şol ýaşda olary saklap bilsek ýeterlikdirdi. Ulalansoň, aýrylyp bilmejekdiklerine ynanmak şerti bar. Arkanyň henizem saklap biljekdigine ynanýarlar, şonuň üçin hiç haçan erkinlige synanyşmaýarlar. “

Pilleriň erkinlige çykmazlygy we lagerden gaçmayandygynyn ýeke-täk sebäbi wagtyň geçmegi bilen munuň mümkin däldigine ynanmakdy.

Hekaýadan çykarmaly netije:

Dünýä sizi näçe saklamaga synanyşsa-da, elmydama ýetmek isleýän zadyňyzyň mümkindigine ynam bilen dowam ediň. Üstünlik gazanyp biljekdiiňize ynanmak,üstünlige ýetmek üçin iň möhüm ädimdir.


메타데이터
post_id
337115e7e8ff
slug
pil-ýüpi-ynam-337115e7e8ff
url
https://medium.com/dedication/pil-%C3%BD%C3%BCpi-ynam-337115e7e8ff
canonical_url
https://medium.com/dedication/pil-%C3%BD%C3%BCpi-ynam-337115e7e8ff
author_url
https://medium.com/@dillerdunyasi.center
status
ok
fetched_at
2026-07-09 15:12:33