SYÝASAT PELSEPESI #2 (Sokratyň Raýatlyk Garaýşy)
Bölüm 3/5. (Sokrata Ýöňkelen Günäler)
SYÝASAT PELSEPESI #2 (Sokratyň Raýatlyk Garaýşy)
Bölüm 3/5. (Sokrata Ýöňkelen Günäler)
‘Apology’ eserini okan wagtymyzda, Sokrata bildirilýän iki sany (ýaşlaryň düşünjesini bozmak we taňra ynanmazlykda) aýyplamanyň bardygyny görmek bolýar. Sokrates kazyýet çykyşynyň başynda, häzirki ýazgarmalaryň ýagny, Anytusyň we Meletusyň Sokrata garşy günä ýöňkemeleriniň, eýsem häzirki ýazgarmalar bolman, öňden gelýän ýazgarmalaryň dowamaty bolandygyny aýtýar. Sokrates kazyýet jýürilerine: “Bu aýyplamalar täze däldir” diýýär we jýüri agzalarynyň köpüsiniň özi hakynda negatiw düşünjä eýe boljakdyklaryny aýtdýar. Sokratesiň bu çykyşy kazyýet jýürileriniň saýlawyndan we adamlardan “bu meselede hakynda haýsydyr bir ýazgarmaňyz barmy?” diýip soralan gününiň bir gün öňünde bolup geçýär. Sokratesa görä, jýüri agzalarynyň köp bölegi ony tanaýardy ýa-da iň azyndan onuň hakynda hökmany suratda bir zatlar eşiden kişilerdi we öňki ýazgarmalar sebäpli öňden bäri gelýän Sokrata garşy negatiw pikire eýediler.
Sokrat çykyşynyň doňwamynda, bir komediýa oýun yýazary ýa-da biziň ‘dramaturg’ diýip biljegimiz Aristophanes hakynda aýdyp geçýär. Aristophanes, Afiny halkynyň arasynda Sokratese garşy ýazgarmany doguran ilkinji adamdyr. Sokratesiň Aristophanes hakynda “wäşi şahyr” diyip söz etmesi, [Platonyň ‘Döwlet’ eseriniň X kitabynda] pelsepe we poeziýa arasyndaky öňden gelýän çekişmäniň bir bölegidir. Bu çekişme, diňe Platonyň ‘Simpozium’ eserinde suratlandyrylan Aristophanes bilen Sokrates arasynda bolup geçen çekişme bolmakbilen galman eýsem, Platonyň dialoglarynyň esasy temalarynyň biri bolup durýar. Mundan başgada, bu çekişme ‘Döwlet’ eseriniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Platonyň ‘Döwlet’ eserinde Sokrates, poeziýanyň syýasy adalatyň talaplaryna laýyk gelmesini, edebiýat eserlerini gözegçilik altynda tutulmasyny we laýyk gelmedik eserleriň senzura edilmesi gerekdigini aýtýar. Gysgaça aýdanymyzda, ‘Döwlet’ esriniň poeziýa hakynda doktrinasynyň arka planyna, Sokratyň halkyň arasynda öňden gelýän şygyrýet däbi bilen we komik şahyr diýip atlandyrýan kişi bilen uzyn wagytlap dowam edip gelýän çekişmä az-owlak düşünmän, Sokratese garşy ýazgarmanyň bu derejä nähili gelendigine düşünmek örän kyn.

Aristophanes (Ἀριστοφάνης)__b.e.öň 446–386
Filosof we şahyr, [ýagny] Sokrat bilen Aristophanesiň arasyndaky bu çekişmäniň özeni, ýüzleyje çekişmeden ybarat bolman eýsem, syýasy taraplary hem bardy. Aslynda bu jedelleşme, raýatlaryň we geljekki nesilleriň içinden döwlet liderlerini yetişdirmagä kim ukuply diýen soragyň özenine inýär. Hakykatdanam, adamzat jemgyýeti üçin filosoflarmy, ýogsa şahyrlarmy dogry kanun goýujy bolardylar? Bu, biziň edebiýatymyzyň jemgyýet durmuşynyň kämilleşmesi üçin haýsydyr bir syýasy iýerarhiýa döredip bilipdirmi soragyny emele getirýär. Mertlige, agzybirlige çagyran haýsy klassyky şahyrlarymyz döwlet gurluşynyň iýerargiýasy barada ýazypdyr. Eger, Sokrat bilen Aristophanesiň arasyndaky çekişmede haýsy tarapyň dogrylygyna karar bermek gerek bolsa, bu günki ýagdaýymyza ser salyň. Ählk zat suw ýüzünde dälmi näme? Bu jemgiýet bolup oýlanmagymyz gerekli iň esasy mesele bolup durýar.
Sokratesiň döwründe adamzat jemgyýeti üçin kanunlary kim döredýärdi? Gadymy grekleriň gahrymançylyk häsiýetini we jemgyýetçilik durmuşynyň göreldeli nusgalaryny döreden Homeros we Hesiodos döwrüne çenli daýanan, asyrlarboýy gelýän poeziýa öwretmek däpleri bardy. Injil hristianlar üçin we kuran musulmanlar üçin näme manysyna gelýän bolsa, Homeros we Hesiodos dessanlary hem gadymy grekler üçin şol aňlama gelýärdi. Ýagny, taňrylaryň durmuşy, olaryň dünýä bilen gatnaşygy, adamzada laýyk bolan gowy gylyk-häsiýetler ýaly meselelerde bu dessanlardan nusga alynýardy.
Aristophanes, bu çekişmede güýçli edebiýat medenýetiniň wekili bolup çykyş edýärdi. Bu medeniýet gadymy grek halkyna ýörelge bolup hyzmat etdi we güýçli jemgyýet bolmasyna goşant goşan esasy aýratynlyk bolupdy.
Sokrates we onuň ýazgardygy edebiýat däbi arasyndaky çekişmedäki esasy mesele nämedi? Birinjiden, Sokratyň öwretme metody şahyrlaryňkydan düýpgöter tapawutlanýardy. Şahyrlar özlerini ylham bilen doldurmak, adatdan daşary kuwwatly, gaýduwsyz we gazaply adamlar hakda hekaýalar aýdyp bermek üçin taňrylara ýüzlenyärlerdi. Hatta Homerosiň Ilýada dessany şu setirler bilen başlar:”Eý Taňrym sözle maňa Achillesiň gazabyny”. Munuň tersine, Sokratesiň metody bilgiçlik aýratynlygyna eýe däldir. Sokratesiň paradigmasy hekaýa aňlatmak däldi, garşylykly gürleşmäne, argument döretmäge daýanýardy ýa-da Sokratyň öz sözi bilen aýtsak dialektikdi. Sokrates argumentler döreder we çekişmeden haýsy argumentiň üstünlikli çykyp biljekdigini göz ýetirmek üçin ýanyndakylardan bu çekişmä gatnaşmagy haýyş ederdi. Homerosiň İlýada ve Odise dessanlarynda argument ýokdyr. Bu dessanlarda gahrymançylykly hekaýalary bardyr emma argument ýokdyr. Başgaça aýdanymyzda, Sokrat bu hekaýalary we dessanlary yzygiderli ara alyp maslahatlaşmany we çekişmäni täze syýasy tälimiň özi halyna getiripdi.
Ikinjiden, Homeros we beýleki şahyrlar adamlaryň söweşdäki gahrymançylykly başdan geçirmelerini aýdýarlardy. Sokrat bolsa, söweşiji ýurtdaş tipini düýbünden täze bir ýurtdaş tipi bilen ýagny, her meseläni ara alyp çekişen we dogry argumentler kämilleşdiren häsiýete eýe bolan täze raýatlyk modeli bilen çalyşmak isleýärdi. Sokratese görä täze raýatylyk modeli ýurtdaşlar argument we dialektika biliminden tälim alajaklardy. Bu şahyrlara we olaryň öňe sürýän tälimine garşy çykmak diýmekdi. Sokrates, şäherin asyrlar boýu gelýän edebiýat däbine garşy özüni orta goýýardy. ‘Apology’ eserinde, Sokrat täze raýat modelini ildeşlerine teklip etmesini ginişleýin görmek bolýar.
Bölüm 4/5. (Aristophanes ‘Bulutlar’)
Sokratesiň şahyrlara garşy çykmagy, Aristophanes we oňa tarapdar şahyrlar tarapyndan halkyň arasynda oňa garşy nägileligi döredilipdi. Aslynda, Sokrat Aristophanes we beýleki şahyrlar tarapyndan örän howuply kabul edilendigini aýdyp bileris. Hatta, Aristophanes Sokraty kemsitmek we tälim berme modelini masgaralamak üçin “Bulutlar” atly bir oýun ýazypdy. Bu oýun, Sokratyň döwürdeşleriniň esasy şahsyýetleri tarapyndan örän çynlakaý kabul edilipdi. Aristophanes Sophocles, Euripides we beýleki meşhur oýun yazarlar arasynda tananýardy.
‘Bulutlar’ oýnunda, Aristophanes Sokraty ýeriň üstündeki we astyndaky zatlary derňewji, gowşak argumentleri güýçlendiren derňewji hökümende görkezip masgaralar. Oýunda, Sokrates adamzat taryhynda ilkinji bolan düşünje merkeziniň ýolbaşçysy we lideri hökmünde görkezilýär. Bu ýer oýunda “Düşünjehana” diýip terjime edilen “Phrontisterion” adyny göterýän ýerdir. Afinyly ene-atalar çagalaryny Sokratyň syrlary bilen tanyşdyrmak üçin Phrontisterion getirýärlerdi. Oýunda, Sokrat bulutlary we gök ýüzündäki zatlary derňemek üçin sahnanyň üstünde bir sebetde ýüzen ýa-da süzülen halda görkezilýär. Başga bir tarapdan oýunda Sokrates, ýerýüzündaki meselelerden we ýurtadaşlarynyň gyzyklandygy zatlardan uzaklaşmagynyň sebäbi we aýaklary ýerden kesik, haýalparaz adam höküminde görkezilýär.

Strepsiades, onuň oglu Pheidippides we Sokrates__(XVI asyrdan galmw grawýura)
Oýunda, Sokrates Taňrylaryny masgaralamak bilen çäklenmän, garyndaşlar arasyndaky jynsy gatnaşyklary, her dürli ahlagy we gadagançylyklary ýykmany, ene-ata el galdyrmany öwredýär. Görüşümiz ýaly, Aristophanes Sokraty oýunda şeýle suratlandyrýar. Gysgaça aýdylanda, oyun Sokratyň düşünje gurluşynyň öýkeli bir şägirdiň ýakmagy bilen tamamlanýar. Sokratyň ýeriň üstüni we astyny derňeýän adam höküminde suratlandyrylmasy näderejede dogry? ‘Bulutlar’ b.e.öň 423-nji ýylda Sokrat kyrk ýaşynyň ortalarynda ýazylypdy we Aristofanesiň Sokrat suratlandyrmasy biziň tebigat filosoflary diýdigimiz kişilerdir meňzeyär. Ýöne bu, ýaşlaryň düşünjesini bozmak we taňrylara ynanmazlyk bilen aýyplanan Sokratesden has başgaça görünýär.
← →
메타데이터
- post_id
- 40c6fa51687a
- slug
- syýasat-pelsepesi-2-sokratyň-raýatlyk-garaýşy-40c6fa51687a
- url
- https://medium.com/@murosof.tm/sy%C3%BDasat-pelsepesi-2-sokraty%C5%88-ra%C3%BDatlyk-gara%C3%BD%C5%9Fy-40c6fa51687a
- canonical_url
- https://medium.com/@murosof.tm/sy%C3%BDasat-pelsepesi-2-sokraty%C5%88-ra%C3%BDatlyk-gara%C3%BD%C5%9Fy-40c6fa51687a
- author_url
- https://medium.com/@murosof.tm
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-15 09:18:48