Sungat Taryhy — Gotika
Gotika. Gotika ýa-da got diýilse ýetginjekleriň diňe gara eşik geýnip, üýtgeşik saç stiller bilen gorkunç şekilde gezýän we diňe gotiki…
Sungat taryhy — Gotika
Gotika. Gotika ýa-da got diýilse ýetginjekleriň diňe gara eşik geýnip, üýtgeşik saç stiller bilen gorkunç şekilde gezýän we diňe gotiki sazlary diňleýän subkulturadan söz etmeýäris.

Milan Duoma
Gysgaça taryhy
Sungat taryhynda yz goýup giden döwürleriň biri hem Gotika döwri. Gotika esasan arhitektura we ikonografiýada uly yz galdyrypdyr. Gotika 1150-nji ýyllarda Fransiýada başlap, 1500-nji ýyllara çenli dowam edýär. Gysgaçasy orta asyrlary öz içine alýar. Gotikanyň orta çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri-de Romanesku (latyn) arhitekturasyna garşy durmak bolup durýar. Gotika XIII asyrda şu wagtky Germaniýa, Awstriýa, Çehiýa, Ispaniýa we Angliýa ýaýrap başlaýar. Italiýa bolsa has gijiräk barýar we şeýlelikde italýan gotikasy ýüze çykýar. Emma ol Italiýada uzak sürmeýär. Gotika sözüniň özi italýan dilinden terjime edilende — adaty bolmaýan, üýtgeşik, warwar manylaryny berýär.
Gotikanyň esasy temasy dini tema bolanlygy üçin bu stili günümizde esasan ybadathanalarda, manastyrlarda, katedrallarda görmek bolýar. Gotikany beýlekilerden üýtgeş kylýan zat, onuň wetikalnyý arşa tarap bakýan diňleriniň ýiti uçlary bolup durýar. Bu bolsa soňsuz güýje, göge, taňra bolan ymtylyşy aňladýar.
Gotika arhitekturasy
Gotika arhitekturasy üç basgançakdan durýar;
- Irki gotika
- Ösen gotika
- Giçki gotika (alawlaşýan gotika)
Roman stili we Gotikanyň wagt çyzgysyny biri-birinden aýyrmak gaty kyn bolýar, çünki Roman stili 12-nji asyrda gülleýär, ýagny ösüşiniň çür depesine çykýar. 1130-nji ýyllarda bolsa Gotikanyň ilkinji täze formalary orta çykýar. Şonuň bilen bilelikde Gotika XIII asyrda ýetjek derejesine ýetýär.
Gotikanyň orta asyrlardan soňra kän bir halanmazlygynyň sebäbi hem onuň adam ruhuna ýetirýän täsiri. Gotika stilde gurulan katedrallar adamyň üstüne ýykylyp gelýän ýaly täsir berýär we ynsana özüni dünýäde nähili kiçiligini we ejizligini ýatladýar. Ýene bir sebäbi bolsa orta asyrlarda dini adamlaryň din adyna işlän jenaýatlary we erbetlikleri bolup durýar.
Öňem bir ýaşyulynyň aýdyşy ýaly, mollalary aýyrsaň dindar köpeler.
메타데이터
- post_id
- 4e8e3ee3f85b
- slug
- sungat-taryhy-gotika-4e8e3ee3f85b
- url
- https://medium.com/penjire/sungat-taryhy-gotika-4e8e3ee3f85b
- canonical_url
- https://medium.com/penjire/sungat-taryhy-gotika-4e8e3ee3f85b
- author_url
- https://medium.com/@bayram.bob2730
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-29 22:25:45