pesiýoner Asýa eje
Pensiýa çykan Asýa eje, makiýaž edip, mezdeke oýnap durka muzuka kesildi. Görse ogly jaň gelýär. Demini dürsäp “alo, oglum bu senmi” diýdi…
pesiýoner Asýa eje
Pensiýa çykan Asýa eje, makiýaž edip, mezdeke oýnap durka muzuka kesildi. Görse ogly jaň gelýär. Demini dürsäp “alo, oglum bu senmi” diýdi. “Eje salam, hawa men. Gurgunmysyňyz? Ýeke ýaşap ýörmän oba gel. Agtygyň hem içi gysýar” diýdi. Adamsynyň topragy guramanka ýasyny sowdum edip, pižamalaryny goltuklap oba gaýtdy.
Petek almak üçin Stambulyň uly otagaryna bardy. Ýekeli oturguçlarda syýahat etmäge öwerenşen Asýa eje,5 manadyny gysganyp ‘ Aý borla, nauşnigimi dakyp giderin. Şörsi bir 3–4 sagatla’ diýip iç hümürdedip “Bagyşlaň, maňa penjere keneryndan bir petek berip bilersiňizmi” diýdi.
Awtobusda iki bolup oturmak gadandygyny öwrenen wagty lotereýadan milýonlar gazanan ýaly begenip gitdi. Emma onuň yz ýanyndaky oturan jübüt bu kanuny bozup, bile oturupdyrlar. Wah bile oturmak isleseler bileje otursunlarla weli, gorsanyp, Asýa ejäň oturgyjyna depip halys etdiler. Nerwisine degenden soň Asýa eje-de açdy agzyny, ýumdy gözüni.
Oba baryp ilki bir seňseledi. 1 ýyl gelmedigi obasy 10 ýyl gelinmedik ýaly özgerip giden eken. Öýleriniň gapdalyna täze dükan gördü-de agtygyna 5kile alma alyp çykdy. Kolonýalary görüp, az salym agzy açyk seredip ‘Şirinewlerde satsama baýardym’ diýip hasaplap durdy az salym.
Agtygy başda tanamasa-da gysga wagtyň içinde bal-da şeker bolup, oýnap öwrenişdi.
‘Günler yzly-yzyna geçip gitdi’ diýjek weli, eýýäm oba gelenime 3 aý bolup barýar. Pensiýa hezildir öýdýärdim weli, o- diýenem hezil däl eken. Boş oturmaýyn diýip sogan ekdim, müňledi. Hezil berdi sogan satyn almasyz boldyk. Zambaklam hem mämişi (iň halaýan reňkim) gül açdy. Wah o başlan online kursym hem gutardy. Indi näme etmeli?! Eýtmeli, beýtmeli bir zatlara etmeli…
Wah ol gömüp gaýdan ýary hem kellesini çokjalap ýüregine bagryna düşdi. Asýa eje şol şony ýaylap ‘men öldürdüm, men günäli’ diýip öz-özüni günäkärleýärdi. Ozalama güýmenere zady ýok pahyryň.. “Aýt meň günämmi?” hem diýip gördü. Emma ses üýn çykmady…
‘Ýag basyp gitdimle, hany bir diýeta tutaýyn. Pul ýok weli, ýutubede mugt diýetalar hem badyrla. “gluten free” diýetasy has öwýäler weli hany has giňişleýin makala zat barmyka..’
Ahyr soňy “ana gözleýän diýetam diýetam” diýdi-de, masgajygyny dakynyp migrosyň ýoluny tutdy. “gluten free” etiketkaly harytlaryň bahasyny görenden soň ‘Aý borla garynjygym, öwrenşip hem gitdik seň bilen’ diýmedi-de; “Oglumyň puly, sen sowmasaň gelni sowýar ;)” diýip 3 manatlyk buhankany 7 manada alyp çykdy.
Gaýyn enesiniň kararlylygyny gören gelin durarmy?! Derrow nan bişirdi. Içine soýa sosly et gowurup agşama döner etdi.

Men has gowy nan bişirýän ýöne temamyz bu däl ;)
Çalaja ýylgyrdy we “Borla, oglum aç galmasa bolýa” diýdi-de gök çaýyny ogurtlady..
메타데이터
- post_id
- 61ff27fc2ea0
- slug
- pesiýoner-asýa-eje-61ff27fc2ea0
- url
- https://medium.com/@merw89/pesi%C3%BDoner-as%C3%BDa-eje-61ff27fc2ea0
- canonical_url
- https://medium.com/@merw89/pesi%C3%BDoner-as%C3%BDa-eje-61ff27fc2ea0
- author_url
- https://medium.com/@merw89
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-29 01:43:05