Apatiýa
Monotonnyý durmuş multitonnyý şäherde. Nirä gitseň git, nirä gaçsaň gaç ornuňy tapyp bileňok. Belki-de ýok zady gözleýändir kiçijek adam öz…
Apatiýa

Edward Miller
Monotonnyý durmuş multitonnyý şäherde. Nirä gitseň git, nirä gaçsaň gaç ornuňy tapyp bileňok. Belki-de ýok zady gözleýändir kiçijek adam öz otagynda, hiç hili üýtgeşiklik bolup geçmeýän. Ýene asmana seredip ýatyr, gök reňk oňa soňsuzlygy ýatlatýardy, ýoklugy, ejizligi. Bilmeli zatlaryny bilmeýän, gerekmejek maglumatlary bolsa ýatdan çykaryp bilmeýän, ýöne haýsy maglumatlaryň wajyplygyny kim ölçeýärdi, kim bilýärdi? Okuwa gitmesini goýdy, synaglara gatnaşmaýardy. Orny bolmadyk ýerde oňa garaşýan oturgyç we stol. Hiç kimiň pikiri ýa-da sözleri täsir etmeýärdi, Kant, Hegel, Nietzche, Spinoza, Haýýam — indi hijisi ünsüni çekenokdy. Iki durmuşyň hem tagamyny dadan.
Kiçijek bir otagyň içinde kiçijek adam, ýönekeý hyýalperest. Tekjelerde duran kitaplar indi onuň ünsüni çekenokdy, bir näçe okalan kitaplar we bir-iki sany okajak diýip alynan kitaplar. Her gün eline alyp, açyp okaman ýene taşlaýardy. Gözleri diňe boşluga tarap gaçýardy, bir zatlar gözleýän ýaly, ýa-da kimdir birine garaşýan ýaly. Sessizlikden gaçýardy we edil şonuň ýaly hem sessizligi küýseýärdi. Gorkýardy, gorkýardy-da, ýöne nämeden? Gijeleri düşnüksiz şekilde sarp edýärdi. Uka gitmekden gorkýardy, özi üçin wajyp bir zady ýitirern ýa-da ýetişmern diýip gorkýardy, ýöne bir tarapdan hem hiç zadyň bolmajagyny bilýärdi. Emma nämä garaşýardy?
Pikirler, ýene pikirler we pikirler oňa uka gitmäge goýanokdylar. Ukyny ölmegiň bir görnüşi diýip hasap edýärdi, ýöne ol gözel äleme, hemme zadyň bolýan älemine, öz-özüň bolup bilýän älemiňe gitmän hem ýaşap bilmejegini bilýärdi. Ýitirjek hiç zady ýokdy, emma özüni ýitirmekden gorkýardy. Elinden telefony düşürenokdy birinden jaňa garaşýan ýaly, ýöne eýýäm dört ýyl bäri telefony sessiz režimden çykarmandy. Dostlaryndan gelýän jaňlary açanokdy, ugradylan hatlara jogap berenokdy. Maşgalasyna jaň etmegi bes edipdi, olardan hem jaň gelenokdy.
Uka gitmegi ýigrenşi ýaly säherleri oýanmagy hem ýigrenýärdi. Her gün ýatmajak bolup özüni zorlaýardy, emma beýni we beden rugsat bermeýärdi. Daş töweregindäki ölýän adamlar indi ony hiç gynandyranokdy, sebäbi hem öz duýgularyndan ýadapdy. “Ýaş başyma bu üstümdäki parhsyzlyk nämekä?” diýip özüne sorag berýärdi. Berilen terbiýe? Aşa köp alada? Emosýanal bozuklyk? Çagalyk trawmalary? Okalan kitaplaryň täsiri? Näme? Sorag ýene jogapsyz galýardy.
Wagtyny boş geçirýärdi, emma swetaforda garaşmagy ýigrenýärdi çünki wagtyny alýar diýip hasap edýärdi. Aram-aram dežawu görýändirin öýdýärdi, aslynda bolsa her gün şol bir zatlary edýärdi. Garaňkylygy söýýärdi, ýöne gijäni ýigrenýärdi. Her gün, gün batandan soňra aklyndan azaşýardy, belki-de özi şeýle hasap edýärdi. Nädip bolýandygyny bilenok, ýöne haçanda garaňky düşende kimdir biri onuň uzakly gün dakyp gezen maskasyny aýyryp zyňýardy. Her gezek aýnaň başyna geçende ýigrenç we amoralnyý ynsan bedenindäki iti görýärdi. Ýolda görýän adamlary onuň üçin indi ne simpatiýa ne-de antipatiýa döredýärdi.
Iýýän tagamlaryndan hiç hili lezzet almaýardy, iýýärdi, ýöne biraz hem bolsa güýç almak üçin iýýärdi. Ýene manysyz durmuşyna dowam edýärdi. Kofesini alyp ýene çilim otlaýardy, bir, iki, üç we dört, tä ýüregi bulanýança çilim çekýärdi. Durman...
Kellesinde ýene harasat gopýardy, jogaplanmadyk soraglaryň sany-sajagy ýokdy. Saz diňleýärdi, emma sazdanam indi keýp alanokdy, unutmak, bu dünýäden uzaklaşmak üçin diňleýän ýalydy. Öz başyna bu ruhy ejirleri eýdip-beýdip fiziki agyrylara agtaryp bilmäň ugruny gözleýärdi. Duşmanlary ony gije-gündiz köseýärdi, iň uly duşmany özüdi, öz-özüne duşmandy.
메타데이터
- post_id
- 6e5402c7c19d
- slug
- apatiýa-6e5402c7c19d
- url
- https://medium.com/penjire/apati%C3%BDa-6e5402c7c19d
- canonical_url
- https://medium.com/penjire/apati%C3%BDa-6e5402c7c19d
- author_url
- https://medium.com/@bayram.bob2730
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-16 16:02:15