← Back to list

macOS sistemada türkmençe klawiatura

Salam dostlar, Apple-yň macOS sistemasyny ulanýan bolsaňyz türkmençe klawiatura ýokdygyny görensiňiz. Meniň üçin hem uly kynçylyk bolýardy…

Baýramgeldi Baýryýew · 2017-09-22 12:13 · 28 claps · 1.0 min read
#macos-türkmençe #türkmençe-klawiatura #tehnologiýa #tehnohat #turkmen-keyboard
Open on Medium ↗
Wiki topics: ⚖️ · Law & Justice

macOS sistemada türkmençe klawiatura

Salam dostlar, Apple-yň macOS sistemasyny ulanýan bolsaňyz türkmençe klawiatura ýokdygyny görensiňiz. Meniň üçin hem uly kynçylyk bolýardy. Tä Ukelele atly programmany tapýançam.

Isleseňiz özüňiz Ukelele atly programmany gurup, özüňiz sazlap bilersiňiz. Ýada meniň taýýarlan türkmençe klawiatura goşantgymy öz sistemaňyza gurup bilersiňiz.

Meniň taýýarlan türkmençe klawiatura goşantgymy gurmak üçin aşakdaky ädimler bilen gitmegiňiz ýeterli.

türkmençe klawiatura

türkmençe klawiatura

  1. İlki bilen şu ýerden goşantgyny alyň: Ýükle
  2. Soňra internetden alan faýlyňyzy arhiwden çykaryp aşakdaky ýere göçüriň

/Library/Keyboard Layouts/

  1. Işiň kyn ýeri dyndy. Indi aşakdaky suratlara göra dowam ediň:

Settings

Settings

Keyboard

Keyboard

Bärden bolsa goşmak şekline basyň we “Turkmen Keyboard” tapyp saýlaň. Gutardy soň klawýaturany türkmençä geçiräýmeli.

Üns Beriň Gynansakda şuwagtlykça Türkmençe Klawýatura işleýän wagty “cmd+v” işlemeýär onuň ýerine syçanjygyň sagyna basyp kopirowat edip bilersiňiz.

Ýokarda ady geçen programma bilen siz hem özüňize ýasap bilersiňiz.


메타데이터
post_id
76a8a975dbf6
slug
macos-sistemada-türkmençe-klawiatura-76a8a975dbf6
url
https://medium.com/@geldiak/macos-sistemada-t%C3%BCrkmen%C3%A7e-klawiatura-76a8a975dbf6
canonical_url
https://medium.com/@geldiak/macos-sistemada-t%C3%BCrkmen%C3%A7e-klawiatura-76a8a975dbf6
author_url
https://medium.com/@geldiak
status
ok
fetched_at
2026-07-30 10:03:37