← Back to list

Samany gyşa saklamak üçin samanhana gerek

Soňky döwürler akylym we duýgularym biri-biri bilen gatnaşmaga uly höwes bilen garaşýan Gün panelleri bilen çöle düşýän Gün şöhleleri ýaly…

Batyr Berdiyev · 2022-11-01 01:19 · 42 claps · 2.4 min read
#türkmençe #döredijilik #yazmak #sungat
Open on Medium ↗

Samany gyşa saklamak üçin samanhana gerek

Garrygala, 2021

Garrygala, 2021

Soňky döwürler akylym we duýgularym biri-biri bilen gatnaşmaga uly höwes bilen garaşýan Gün panelleri bilen çöle düşýän Gün şöhleleri ýaly. Biri-birini öwmekden, mümkinçiliklerini beýgeltmekden ýaňa ýere-göge sygdyryp bilenok. Herekete gezek gelende bolsa ikisi hem garaňkylygyň içine siňip, ýok bolup barýan ýaly.

Arada ýewropaly wideo döredijisiniň işleri we özi bilen tanyşmak mümkinçiliginden peýdalandym. Bizden 10–12 ýaş uly bir italýan bilen iki sagada golaý gürrüňdeş bolduk. Arakesmelerde hünär we döredijilik taýdan meňzeş gymmatlyklara ähmiýet berýän tanyşlarymyz bilen wideo sungaty, etse boljak işler barada pikir alyşdyk. Bu pikir alyşmalar şol gün bilen çäklenmedi, meňzeş äheňdäki işleri döretmek we olary maliýeleşdirmek mümkinçiliklerini seljerdik. Dogrusy, alan galamyz bolmady; pikir bar, pul ýok.

Şol hepdäň içinde latwiýaly ýazyjy bilen guralan duşuşyga hem gatnaşdym. Ene dilde ýazmak we ýazyjynyň ýol kartasy barada gowy gürrüňler etdik. Bu duşuşykdan soň ýerli ýagdaýy seljermäge adam tapylmady. Sebäbi ene dilinde ýazýan türkmenleriň menden başgasy bu duşuşykda ýokdy. Belki munuň sebäbi hökmünde duşuşyk we onuň mazmuny baradaky bildirişiň dogry ýetirilmändigini görkezip bolar. Aslynda duşuşygyň guralyş şekli hem özboluşlydy. Latyş dilinde ýazýan ýazyjy Türkmenistanda ene dilde ýazmak barada rus dilinde çykyş etdi. Muny okap, sizde sebäpkärlere nägilelik duýgusy dörän bolmagy mümkin. Sebäbi bir döwürler men hem şeýledim. Ýöne weli, soňabaka bu nägileligiň hiç zada peýda etmeýänini görüp, nägilelik bildirilýän taraplaryň piňine-de däldigini synlap, öz-özümi köşeşdirmegi öwrendim. Haýsy dilde gürlesem hem aragatnaşygyň dogry gurnalmagyna we maglumatlaryň dogry ýetirilmegine ähmiýet berip başladym.

Ýazyjy bilen duşuşygymyza dolansak, nähili kynçylyk ýüze çykaýanda-da ene dilde ýazmakdan el üzmeli däldigine doly göz ýetirdim.

Öýe gelip, belliklerimiň arasynda eýýäm üç ýyl bäri duran Creative Writing boýunça magistr derejesini berýän uniwersitetiň saýtyna täzeden ser saldym. Giriş talaplarynda 40 sahypa golaý proza, iküç sany goşmaça makala…

“Döwri öz dilimizde “okamakda” entek gögeleräk. Bu döwre uýgunlaşmaly, nämäni nädip aýtsa bolýanyny ýüze çykarmaly, hazynaň üstüni açmaly” diýipdi merhum mugallymlarymyň biri.

Ýene bir-iki uniwersitetiň ýazyjylyk hünäri boýunça soraýan resminamalaryny gözden geçirip, beýnimiň bir künjeginde basyrylyp ýatan hakykatyň üstünden bardym: “Döwri diňe öz dilimde okamakda däl, eýsem, ony öz dilimde beýan etmekde hem gögele ekenim.”

Belki bu hakykatyň üsti hiç wagt hem basyrylmadyk bolmagy ahmal; äsgermezlik edipdirin.

Dogrymdan gelsem, eýýäm birnäçe ýyl bäri türkmen dilinde dürli žanrdaky makaladyr kiçi göwrümli ssenariýleri ýazýan biri hökmünde ile görkezmäge ýeterlik önümümiň bardygyny pikir edýärdim. Ýagdaý has agyra ýaly.

Öz ýanymyzdan köplenç türkmen dilinde maglumatyň azlygyndan ýa-da Türkmenistanda hereket edýän halkara edaralaryň türkmen diline berýän ähmiýeti barada nalaýas. Ýöne gözden sypýan bir ýagdaý bar — häzirki zaman türkmen edebiýaty. Bizden öňki nesilleriň bize goýup giden edebiýat mirasyny bizden soňky nesiller üçin baýlaşdyrmagy başarýasmy?

Men, elbetde dilçi däl, ýöne dil bilen döwrüň arasyndaky baglanyşygy gurmakdan hem ejiz däl. Islendik beýan şol döwre mahsus pikirleriň dil arkaly dikeldilmegidir. Täze pikirleri, gymmatlyklary içine siňdiren dil bu pikirleri ýazylan ýa-da aýdylan beýana öwrüp, olary aktlaşdyrýar. Bu amaly ýerine ýetirýän faktor hökmünde ýazyjy şol döwrüň pikirleridir gymmatlyklaryna düşünmese ýa-da tersine olara doly düşünip, dile dogry erk edip bilmese döwri aktlaşdyrmak prosesi göýdük galýar. Meniň pikirimçe häzirki zaman türkmen edebiýatynyň hötdesinden gelmeli esasy meselesi şu bolup durýar.

Hem nusgawy metbugatda, hem-de täze media serişdelerinde ýazýan türkmenleriň eserlerine häli-şindi göz gezdirýän. Olaryň käsi türkmen diline ýokary derejede erk etmegi başarsa döwrüň pikirdir gymmatlyklaryna düşünmekde kynçylyk çekýärler. Bulara düşünýänler bolsa türkmen dilini dogry we ýeterlik ulanyp bilmeýärler. Elbetde, ikisini başarmaýanlary hem görmek bolýar, emma hem häzirki zamanyň dinamikalaryny we ýerli pikirdir düşünjeleri gowy özleşdirip, bular barada kämil türkmen dilinde yzygiderli ýazýana men-hä duşmadym.

Garaz, makalada döredijilik we dil boýunça soňky döwürler kellämde aýlanýan pikirleri paýlaşmak isledim.

Döredijilikli günlerde duşuşýançak!


메타데이터
post_id
80cef8a920fa
slug
samany-gyşa-saklamak-üçin-samanhana-gerek-80cef8a920fa
url
https://medium.com/@berdiyev/samany-gy%C5%9Fa-saklamak-%C3%BC%C3%A7in-samanhana-gerek-80cef8a920fa
canonical_url
https://medium.com/@berdiyev/samany-gy%C5%9Fa-saklamak-%C3%BC%C3%A7in-samanhana-gerek-80cef8a920fa
author_url
https://medium.com/@berdiyev
status
ok
fetched_at
2026-07-26 12:48:17