← Back to list

Ýaşlykda berilen terbiýe barada bir-iki söz.

Şu wagtky ýagdaýda dürli-dürli adamlar bilen söhbetdeş bolýan. Kòplenç hem özüm oýlanyp görsem, her kimiñ häzirki ýerleşýän ýerine gelmek…

Muhammetgeldi Goshayev · 2021-04-18 17:16 · 8 claps · 1.8 min read
#terbiye #türkmen #türkmençe #pikir #özgörenlerimden
Open on Medium ↗

© Selbi Jumayewa

© Selbi Jumayewa

Ýaşlykda berilen terbiýe barada bir-iki söz.

Şu wagtky ýagdaýda dürli-dürli adamlar bilen söhbetdeş bolýan. Kòplenç hem özüm oýlanyp görsem, her kimiñ häzirki ýerleşýän ýerine gelmek üçin ene-atanyñ beren terbiýesiniñ orny uludygyna düşünip galýan.

Elbetde, ýaşlykda öýdäkileriñ:

Ol gowy zada eltmez, buny etme, ol oglan bilen tirkeşme…

Ýa-da şulara meñzeş bir zatlar. Meniñ ýagdaýymda başgaçarak terbiýe berildi. Ýalñyş düşünmäñ, menin ene-atamyñ beren terbiýesinden gowysy ýokdur.

Men häzirki ýagdaýymyñ 80% öydäkileriñ goldawy, kömegi we terbiýesiniñ netijesidir.

Asyl, özüme bolan ynam ejemden öwrenen bolsam, kakam ondanam uly zat, bir zada ýetmek üçin zähmet çekmeligini öwretdi.

Dogrusy, hiç kim elimden tutup şuny etmeli ýa muny etmeli däl diýen terbiýe mekdebinden gelmedim.

Köplenç özüm ýalñyşlyk edip, şol ýalñyşlyklarymdan öwrenip terbiýe aldym.

Eger-de irdenlerine aşak düşüp bir ýaşuly adama gapyny açyp beren bolsam ýa-da bir aýal maşgala agyr zatlaryny götermäge kömekleşen bolsam, ejem men Nobel baýragyny utan ýaly begenerdi we dogrusy häzirem şol ýagdaý az däl.

Meniñ üçin şondan gowy zat ýok, geljekdede eger ejem şeýle begenýän bolsa onda men şol gowy işleri etjek bolaýyn diýen, düşünje gowy kellãme siñipdir.

Islendik bir wagtda, berlen ýagdaýa görä öz ýoluñy tapyp ýöremek üçin zähmet çekmelidigini kakam öz ýollaryny bilen öwrederdi we häzir hem kakam bilen edilýän gürrüňlerimizde köp gabat gelýän temalaryň biri.

Men mekdep döwründe köp ile çykyp, edilýän çärelere gatnaşsamam, okaýan sapaklarymyň köpüsinde diňe gowy netijeler bilen okadym diýip biljek däl. Has takygy, sanly ylymlara gezek gelende meniň ýagdaýym öwerlik däldi. Ýöne, öz gowy görýän sapaklarrym hem az däldi. Meselem taryh ýüregimde uly orun alýar.

Taryh, meniň pikirimçe gaty möhüm ylymlaryň biri. Geçmişde bolan zatlara üns berip, derňew edip bilseň, geljegi azajyk hem bolsa çaklap bolýar.

Men näme üçin mekdebi ýatladym? Belki, men gowy okamany, gowy netijeleri almadyk günlerim başga maşgalalardaky ýaly:

“Öýden çykmany oka! Telfonyňy 5-lik alandan soň bererin!”

Bu bir ýönekeýje mysal.

Asyl diýjek bolýan zadym, näme üçindir häzirki ýaş maşgalalarda görüp, üns bilen derňeýän zadym olaryň berýän terbiýesi. Meniň bir ýakyn dostumyň aýdyşy ýaly:

Häzirki çagalaryň terbiýesi, You-Tube platformasynyň alogritmlerine bagly.

Men özüme 3 ýaşymda wagtym, daşara çykyp çägede oýnamak, dünýäniň iň uly baýlygydy.

Indi bir sorag ýüze çykýan ýeri bolsa, hany indi näme bolar? Nädip nirde näme etmeli? Näme üçin häzir terbiýe öňkiler ýaly däl? Näme üçin ýaşy uly adamlar awtobusda ýeri sorap almaly? Näme üçin kitap okamak, geçmişde galan tozan basyp ýatan ýatlama ýaly?

Bilmedim….

Belki, täze tehnologiýalardyr? Belki, medeniýetiň barýan ugry şular ýaly hem bolmalydyr? Ýa belki gapdaldaky goňşular etýär, bizem etmeli diýen düşünjedir.


메타데이터
post_id
81cfcb01908a
slug
ýaşlykda-berilen-terbiýe-barada-bir-iki-söz-81cfcb01908a
url
https://medium.com/@muhammetgeldig/%C3%BDa%C5%9Flykda-berilen-terbi%C3%BDe-barada-bir-iki-s%C3%B6z-81cfcb01908a
canonical_url
https://medium.com/@muhammetgeldig/%C3%BDa%C5%9Flykda-berilen-terbi%C3%BDe-barada-bir-iki-s%C3%B6z-81cfcb01908a
author_url
https://medium.com/@muhammetgeldig
status
ok
fetched_at
2026-07-10 23:47:57