← Back to list

Beýnimiziň 100%-ni ulanamyzokmy?

Özbaşdak pikirlenmek barada…

Didar Jelaletdinov in Penjire · 2018-03-15 16:57 · 256 claps · 1.7 min read
#beýni #eýnşteýn #düşünje #pikirlenmek
Open on Medium ↗

Beýnimiziň 100%-ni ulanamyzokmy?

Özbaşdak pikirlenmek barada…

Limitless” ýa-da “Lucy”-ni gördüňizmi? Iki filmiň temalary başga hem bolsa beriljek bolýan pikir şol birzatdy: “Adam beýnisiniň 100%-ni ulanyp bilenok”. Belki, bu filmlerden habardar däl hem bolsaňyz, bir fizika sapagynda Eýnşteýniň ady agzalanda, arka setirde oturan biri “Eýnşteýn beýnisiniň 15%-ini ulanypdyr, biz bolsa bary-ýogy 10%-ini ulanyp bilýäris” diýip, onuň nähili beýik alymdygyny (!) ýatladandyr. Hawa, bu makalada günümiziň iň ýaýran pikirlerinden biri bolan “Adam beýnisiniň 10%-i” barada bir-iki söz aýtmakçy.

Belaň körügi nirede?

Elbetde adamlar hemişe köçede “Eýnşteýniň beýnisi” barada gürleşip oturmandyrlar.

Ilkinji bolup, kellämize bu pikiri sokan kişi William James hasaplanýar. Ol özüniň “Energies of Man” (1908) atly kitabynda “Adamlaryň öz potensiýallaryny doly derejede ulanyp bilmejekdigini” aýdýar. (*)

“Beýniniň 10%-i” pikiri bolsa kitaplary bilen millionlarça adama höwes berýän (!) Dale Carnegie’niň “How to Win Friends and Influence People” atly kitabynda agzalýar. (*)

Ynanmalymy?

Eger beýniňiziň işleýşinden şübhe duýýan bolsaňyz, arkaýyn hassahanalarda beýniňizi “scan” etdirip bilersiňiz. Elimizi açyp-ýummak ýaly gaty sada görünýän işler üçin hem beýnimiziň 10%-i ýeterlik däldir.(*)

Has takyk bolmagy üçin käbir pikirler:

  • Eger beýnimiziň 10%-ini ulanýan bolsak, “ulanylmaýan” beýleki böleklere zeper ýetmegi beýnimiziň doly we dogry şekilde işlemegine päsgel bermezdi. Ýöne bolsa, beýnimize ýeten kiçijik zeper hem beýnimize uly zyýan berýär we hat-da ölüm bilen hem netijelenip bilýär.
  • Beýnimiz bedenimiziň jemi energiýasynyň 20%-ini sarp edýär. Eger, 10% ulanyş üçin jemi energiýanyň 20%-ni ulanýan bolsa, biz hiç haçan beýnimiziň 100%-ni ulanmagy başarmaýarys we bu hem beýnimiziň uly böleginiň gerekmejek bir et bölegi bolup galmagyna sebäp bolýar. Siz bolsa kemçiliksiz ýaradylan adam bedeninde “gerekmejek bölegiň” ýokdygyny eýýäm bilýänsiňiz…
  • Ýokarda hem belleýşim ýaly beýni scan etdirip, onuň hereketlerini synlap bilersiňiz…

Gepiň tümmek ýeri.

Men biolog däl, biologiýa bilen hem känbir gyzyklanyp baramok. Bu makalany ýazmagymyň esasy sebäbi şu pikire ynanýan adamlardyr.

Uniwersitetde *mugallym her talyba “presentation” etmelidigini aýtdy. Menem şu temany saýlap aldym. Presentation-ymy dynmakam öňki setirde oturan talyp “Ahow, beýnimiziň 100%-ni ulanýan bolsak uçars-da” diýdi (çagalar bagynda diýemok, uniwersitede). Menem “nämä daýanyp şol netijä gelendigini” soradym. Hiç garaşmaýan jogabymy aldym; *“Aý, aýdýalar-da”…**

Pikirlenmän ynanýarys”. Diňe, aý, aýdandyklary” üçin ýalan-ýalňyş zatlara ynanýanlary görmek diýseň gynandyrýar. Pikirleniň. Özbaşdak pikiriňiz bolsun. Men, size “Think Different” diýemok. Diňe, ynanýan zatlaryňyza näme üçin ynanýanyňyzy bilmegiňiz ýeterli, ilden üýtgeşik bolmak möhüm däl.

Ýokardakylar meniň şahsy pikirim, ylalaşman bilersiňiz.

Çeşme:


메타데이터
post_id
835b4e9e70dc
slug
beýnimiziň-100-ni-ulanamyzokmy-835b4e9e70dc
url
https://medium.com/penjire/be%C3%BDnimizi%C5%88-100-ni-ulanamyzokmy-835b4e9e70dc
canonical_url
https://medium.com/penjire/be%C3%BDnimizi%C5%88-100-ni-ulanamyzokmy-835b4e9e70dc
author_url
https://medium.com/@djelaletdin
status
ok
fetched_at
2026-07-18 02:05:57