← Back to list

Günäsiz çagajyk….

Telefonyma güýmenip otyrkam birden imodan sms geldi açyp seretsem öýdäkilerden gelipdir. Sms da:

Kakajan Charyyev · 2020-04-20 15:36 · 5 claps · 2.1 min read
#maşgala #çagalar #çaga #enem #dünya-meseleleri
Open on Medium ↗
Wiki topics: SEO · SEO & SEM 🐾 · Pets & Animals

Günäsiz çagajyk….

Geçenler-de telefonyma güýmenip otyrkam birden imo-dan sms geldi , açyp seretsem öýdäkilerden gelipdir.

Sms-da:

Jigilerimiň biri durmuşa çykýan eken. Toý sähedini belläpdirler eýýäm. Ýöne meniň ünsümi çeken zat durmuş ýoluna aýak basjak kişileriň 19–20 ýaşlarynda bolanlygydy. Gynansak-da ikisiniň hem durmuş tejribesi ýok, akly goýalyşmadyk ýaşlar , muňa-da meniň gaharym geldi. Esasanam olardan 1–3 ýyl soň dünýä geljek çagalara gynandym. Toý etjek kişiler fiziki taýdan ýetişen bolsalar-da , ruhy taýdan intak taýýar däl-diler we onuň hem jezasyny eýjejik çaga/ çagalar çekmeli boljakdy . Garaz näme aýtsaň aýdyp otyrmaly…. We bu günümiziň iň uly meseleleriniň biri… Men hem bu temada birazajyk gözleg (research) geçirdim we siz bilen paýlaşmak isledim :

Ene — Ata we çaga arasyndaky gatnaşyk

Çaga doglan gününden başlap terbiýesini iň ýakynyndaky adamlardan alýar, ýagny ene we atasyndan. Olar arassa päkligi bilen dünýä gelýär . Bu dünýäde ejelerinden başka hiç-kimi tanamaýar. Çaga dünýä inende söýgi (Oksitosin) garmonunyň netijesinde enäniň çagasyna bolan söýgüsini artýar we ol garmonuň täsiri netijesinde çykarylan ys bolsa çagajygyň öz enesini tanap bilmegine kömek berýär . Ýagny ene bilen çaganyň arasynda aýrylmaz bag ýüze çykýar . Şonuň üçin hem ata garanyňda enäniň ýeri has möhümdir. Çaga ilkinji edep-terbiýäni maşgalasyndan alýar . Şonun üçin ene-atalar käbir zatlary öňünden alada edip başlamalydyr. Gynansak-da kabir ene-atalaryň çagalaryna edep-terbiýe bermekde, ulaldyp ýetişdirmekde ukyplary ýok(ukypsyz)… Bu bolsa ýaş-nesliň hem fiziki hem ruhy taýdan saglykly ösmegine zeper ýetirýär .

çeşme: behance.net/AbdelrahmanAyman1

çeşme: behance.net/AbdelrahmanAyman1

Maşgalada terbiye ilki bilen ene - ata we çaga arasyndaky gatnaşykdan başlaýar . Çagalar aýdylan däl-de, edilip görkezeni eder, ýagny hal dili bilen. Siz öz ene-atalaryňyzyň eden ýalňyşlyklaryny öz çagalaryňyza gaýtalamaň .. Esasy zat , öz çagalaryňyzy diňlemäni başarmak .

Günümizdäki ene — ata we çaga arasynda gatnaşyk :

  • günäkärleme….
  • buýruk….
  • tankyt etmek….
  • duýduryş….
  • ynam bermek….
  • söz bilen düşündirmek…
  • jezalandyrmak….
  • derňemek….

Ýokardakylar çagalaryň :

  • özüni jezaly duýmagyna….
  • ene-ataň adalatly bolmadygyna…
  • özüniň söýülmedigine…üns berilmeýänini..
  • gödek jogap bermesine….
  • garşy çykmagyna……
  • özüne bolan ynamyny ýitirmegine

sebäp bolýar.

Geçenlerde bir ýaş gyz okuwy gutaran ýyly durmuşa çykdy, ýöne gynansakda uzak dowam etmedi, ana indem çagasy bilen ata ojagynda….

  • Ene — Ata öz çagasyny ýakyndan tanamaly nämä ukyply bolanyna göz ýetirmeli we şoňa göra ýol görkezmeli, öz isleglerine görä däl-de…..
  • Çagalarynyň özüne bolan ynamyny artdyrmagyna goldaw bermeli.. Kiçiräk ýumuşlar bilen…
  • Çagasyna bolan söýgüsini bildirmeli, wagt aýyrmaly…
  • Çaganyñ eden işine goldaw bermeli garşy çykmaly däldir ( planyň çagasy….. ..)
  • Çagasyny deňeşdirmeli däldir ..

Çaga öz ýakynynda gören zatlaryny öýkünip başlaýar…..

Çagalar aslynda siziň bir nusgaňyzdyr sizde görenlerine öýkünýär… Şonuň üçin ilki özüňden başlamaly…….

Çaga elmydama Ene we Ata söýgüsine mätäçdir….

Bu yazgyda käbir çeşmelerden peýdalandym we ýaşlara maslahatym kabir zatlary öňünden alada etmän öýlenmek ýa-da durmuşa çykmak siziň öz geljegiňiz üçin saglykly , ýerlikli ….pikir däldir …….

çeşme: behance.net/WazzaPink

çeşme: behance.net/WazzaPink


메타데이터
post_id
850a113ff7bf
slug
günäsiz-çagajyk-850a113ff7bf
url
https://medium.com/@k.charyyev96/g%C3%BCn%C3%A4siz-%C3%A7agajyk-850a113ff7bf
canonical_url
https://medium.com/@k.charyyev96/g%C3%BCn%C3%A4siz-%C3%A7agajyk-850a113ff7bf
author_url
https://medium.com/@k.charyyev96
status
ok
fetched_at
2026-07-29 03:46:03