← Back to list

MAKSAT EDİNME ARZUWY

Haçanda adam özüne: “Näme üçin ýaşaýaryn?” diýip soranda, “maksat” oña goldaw berjek ilkinji “Tiz kömekdir”. Tiz kömek näçe çalt gelip…

@serdaryn_pikirleri · 2020-10-15 10:01 · 5 claps · 0.8 min read
#arzuw #dreams #humanity #world #aim
Open on Medium ↗
Wiki topics: MM · Multimodal & Generative Media

MAKSAT EDİNME ARZUWY

Haçanda adam özüne: “Näme üçin ýaşaýaryn?” diýip soranda, “maksat” oña goldaw berjek ilkinji “Tiz kömekdir”. Tiz kömek näçe çalt gelip ýetişse, adamyñ halas bolmaga mümkinçiligi has hem artar. Tiz kömek wagtyndan köp saklanaýsa ýa-da gijä galyp geläýse, onda adamyñ ýaşamaga mümkinçiligi hem azalar. Umuman, şeýleräk meñzetmeden soñra käbir belliklerime geçeýin.

Bizi durmuşa baglaýan esasy zatlaryñ biri maksatdyr (arzuwdyr). Maksatsyz durmuş — bereketsiz saçaga, ýerliksiz söze ýa-da sowatsyz adama meñzär. Gynansagam, häzirki döwürde grip kimin azalmaýan dertleriñ biri — maksatsyz ýaşamagy endik edinmek bolup durýar. Bu endik adamy bütinleý gurşap alyp, ony ýoldan bir eýýäm çykardy diýsem ýalñyşmaryn. Maksatsyzlyk babatdaky endik keseli köpsanly adamyñ durmuşyna doly ornaşdy. Ynsan özüni bu ýagdaýdan halas etmek üçin başda ýazan soragymy özüne sorap bilmekden boýun towlamaly däldir.

Adam özüne sözüñ doly manysy bilen: “Men näme üçin ýaşaýaryn?” diýjekmikä ?

P.S: Bu oýlanma bir agzamyzdan gelip gowuşan teklibiñ esasynda ýazyldy.


메타데이터
post_id
9a7cd80aa2c
slug
maksat-edi̇nme-arzuwy-9a7cd80aa2c
url
https://medium.com/@serdargulamov8/maksat-edi%CC%87nme-arzuwy-9a7cd80aa2c
canonical_url
https://medium.com/@serdargulamov8/maksat-edi%CC%87nme-arzuwy-9a7cd80aa2c
author_url
https://medium.com/@serdargulamov8
status
ok
fetched_at
2026-07-28 19:00:09