← Back to list

Sen wezipe diý, men bergi…

Ýatdan çykmadyk ýatlamalardan…

Şöhrat Arazov · 2022-05-08 17:34 · 54 claps · 1.5 min read
#ynsan #wezipe #ýardam #kömek #bergi
Open on Medium ↗

Sen wezipe diý, men bergi…

Ýatdan çykmadyk ýatlamalardan…

Maşynyň içinde üç kişi Amerikanyň Pittsburgh şäherinden New York’a tarap barýarys. Men we ekiz doganlar. Ýolda New York’a gidişimiziň sebabini maňa gürrüň berýärler. Ekizleriň biri New York’daky Columbia uniwersitedinde okap başlan ilkinji ýyllarynda Manhattan’da ýaşaýan, bireýýäm pensiýa çykan anestesiýologiýa doktory bilen tanyşypdyr. Ol birnäçe gezek şol garry aýalyň öýüne gidendigini we uniwersitetde ýakyn taryh türk edebiýaty bölümini okaýandygy sebäpli şol garrydan 20-nji asyryň Türkiýesi hakynda köp zatlar öwrenendigini gürrüň berýär. Ýyllar öň aýrylşan Amerikaly adamsyndan bir oglunyň bardygyny, emma onuň, enesine aýda-ýylda bir gezek jaň etse edýändigini, ýogsam hiç hal-hatyr soramaýandygyny, hat-da näçe ýyldan bäri neresse garrynyň zyýaratyna hem gelmändigini aýdýar. Men içimden, belki maşyndaky hemmäniň duýýan zadyny duýýaryn, merhemet duýgysy, 90 ýaşynaky “pahyra” içim awaýar we bu zyýaratynyň nahili yerindedigini düşünýärin. Ýekelik Hudaýa ýagşy diýýäris. Edil şol wagty ekizleriň birine jaň gelýär, kakalary Türkiye’den jaň edýär. Oňa-da ogullary syýahadymyz hakynda gürrüň berýärler. Telefonuň sesi daşary, maňa çenli eşidilýar. Ekizleriň atasy, “goja çynar” (men oňa özümçe şeyle diýýärin, sebäbi ondan, birsellemden sargajak maslahatlarynyň ençemesini öň kän eşidipdim, meniň üçin bir çynar ýalydy, şahalary bize çenli uzaýan, ýyllaryň kämilleşdiren goja çynary) bu zyýaratymyzyň maksadyna başgaça garaýar we şu sözleri diýýär, “Ogullarym unutmaň! Siz bu ýolagçylyga garry aýala ýüregiňiz awany ýa-da oňa merhemet duýanyňyz üçin çykmaly däldirsiňiz, siziň şuwagt edýän zyýaradyňyz dinimizde bir wezipedir, hossarsyza, tapdan düşene, pukara garşy her güyji ýeteniñ ýerine yetirmeli wezipesi. Siziň bu ýolagçylygyňyzyň maksady, diňe şol wezipäňizi yerine ýetirmek bolmaly, ýogsam bir pahyr neressä merhemet edýäris düşünjesi bilen ýola çyksaňyz onda ol päk wezipä zelel yetiräýmegiňiz mümkin” diýýär.

Kömege mätäç birine el uzatmakçy bolýan ogullaryna, kömekleşmegiň hem bir öz usuly bardygyny, ynsanlyk borjumyzdygyny ýatladýan “Goja çynaryň” beren bu maslahaty mende ýyllar geçse-de unudylmajak täsir galdyrdy.

Başga bir gün, internetde garşyma çykan bir reklamada Birleşen Milletler Guramasynyň ýagşy niyet ilçisi, kömege mätäç, garyp döwletler üçin kömek soraýar. Onuň hem öňe süren pikiri, argumenti ýene meni oýa batyrýar. Ol “biziň ýaly ösen döwletler we olaryň her bir raýaty, kömege mätäç, garyp döwletlere kömek etmäge mejburdyrys” diýýär, “sebäbi biziň ýaly, senagat taýdan yokary derejede ösen döwletler dünýä ekologiyasyna we tebigatyna, eýýam onlarça ýyldan bäri zyýan ýetirýär. Bu ýagdaý bolsa bizi, heniz dünýä ýüzüne zyýan bermedik, garyp döwletlere bergili ýagdaýa düşürýär” diýýär.

Oýlanyşyp oturdykça, aslynda bu ilçiniň hem şol “goja çynary” tassyklaýandygyna kanagat getirýärin. Ýekeje tapawut bar, olam, biri wezipe diýýär, beýlekisi bergi.


메타데이터
post_id
c4116a33114
slug
sen-wezipe-diý-men-bergi-c4116a33114
url
https://medium.com/@drshokki/sen-wezipe-di%C3%BD-men-bergi-c4116a33114
canonical_url
https://medium.com/@drshokki/sen-wezipe-di%C3%BD-men-bergi-c4116a33114
author_url
https://medium.com/@drshokki
status
ok
fetched_at
2026-07-18 12:41:46