Bir sözem menden bolsun
Geçen blogumda “ene dil modadan gaçýar diýýämiň?” diýip bir meseläni gozgapdym. Bu blogumda bolsa dowamynda, nämeler edip türkmençämizi…
Bir sözem menden bolsun
Geçen blogumda “ene dil modadan gaçýar diýýämiň?” diýip bir meseläni gozgapdym. Bu blogumda bolsa dowamynda, nämeler edip türkmençämizi gorap bileris?! Elimizden gelip biläýjek işlerden söz etmekçi.
Ýazmak
Okuwçy bolaly ýa-da talyp, tapawudy ýok. Okuwdan daşary artykmaç köp wagtymyz bolýar başga işlere sarp edip biljegimiz. Edil şol wagtlardan iň esasy hem tomusky dynç alyş möwsümi. Synaglaryň gutarmagy bilen ýuwaş-ýuwaş rahatlap, erkinligiň keýpini çykarmaga başlaýarys.
Aslynda heniz tomus gelmezden, köpümiz planlap goýýarys näme etjegimizi. Ana şol planymyz bar bolsa-da, täzeden göz geçirsek ýene bir gezek. Şeýle-de türkmençäňe azda-kände göwnüň ýetýän bolsa, ýazmagy goşsaň şol planlaryň arasyna. Senem ýazsaň bilýän zatlaryňy, paýlaşsaň biz bilen. Gör nähili ajap bolardy.
Belkide içiňde paýlaşmaga degýän düşünjeleriň bardyr. Ýa-da gyzykly başdan geçirmeleriň. Meselem, durmuş hekaýaňy ýazyp, bize gürrüň berip bilersiň. Bilim, tehnologiýa hakda täze zatlary öwrenmäge höwsiň bardyr we şol öwrenenleriňi özüň ýaly höwesjeňler bilen paýlaşsaň. Garaz ýazsaň we üýtgetseň käbir zatlary. Türkmen dilindäki gowy maglumatlaryň birini-de sen goşsaň ullakan howuza. Sany köpelse şeýdip. Dostjan, hereket herekete sebäp bolýar.
Terjime
Bu iň az 2 dilde ussatlar üçin. Terjime etmekden söz edýärin. Arada Habarçy TV film terjime edip başlandyklaryny we eýýäm 2 filmi terjime edip halka hödürländiklerini habar berdi. Birnäçe kemliçilikleri bolsa-da eden işleri meni örän begendirdi. Saýlap alan filmleri hem gowy. Men bir filme tomaşa etdim, isleseň senem şul adresden tapyp bilersiň. Sen-de Habarçy toparyna goşulyp ýa-da özbaşdak terjime edip bilersiň. Bu kiçi, emma uly netijelere ýetirip biljek başlangyç bolup biler.
Başga-da TED konferensiýalaryny terjime edip bolar. Terjime edip bolýan eken. Ilkinji terjimäni 6 aý mundan ozal edipdik birnäçe kişi bolup. TED näme zat diýseň, onda şul blogy okap gör ilki. Hä bu maňa bolup biler, hemem filmden gysga we aňsat diýseň. Onda täzeden girişip bileris terjime etmäge. Bu topar işi. Iň az 3 kişi gerekli terjime üçin. Eger gyzyklanýan bolsaň we 2 dili oňat bilýän bolsaň, maňa bir ýerlerden ýaz. Bilelikde has gowy işleri başaryp bolýar.
Aňsadyragy
Iň azyndan täze öwrenen türkmençe sözüňi sosiýal media hasabyňda dostlaryň bilen paýlaşyp bilersiň. Hatda #enedilim belligi (tag) bilen paýlaşyp umumy bir herekedi başladalyň. Umuman paýlaşmak gowy zat. Bilýäniňi paýlaşanyň üçin birzat kemelmeýär, gaýta köpelýär. Şeýle terslik bar.
메타데이터
- post_id
- dcf8ee768459
- slug
- bir-sözem-menden-bolsun-dcf8ee768459
- url
- https://medium.com/penjire/bir-s%C3%B6zem-menden-bolsun-dcf8ee768459
- canonical_url
- https://medium.com/penjire/bir-s%C3%B6zem-menden-bolsun-dcf8ee768459
- author_url
- https://medium.com/@gnurgeldiyev
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-09 15:12:33