Zöhre arapça at. Wenera daksa bolar. Erbet at däl.
Ýöne bu sözlem gaty nazistik eşidilýär. Aslynda beýle däl. Düşündireýin;
Zöhre arapça at. Wenera daksa bolar. Erbet at däl.
Ýöne bu sözlem gaty nazistik eşidilýär. Aslynda beýle däl. Düşündireýin;
Türkmenler (we beýleki türki halklar) müňýyllyklaryň dowamynda ösen siwilizasiýa döreden birnäçe halklara goňşy bolup ýaşadylar. Her döwre we regiona görä öz kulturalaryny şol siwilizlenen halklaryň gymmatlyklary bilen baýlaşdyrdylar.
Orta asyrlarda araplar, özlerini beýlekilerden tapawutlandyrýan ideologiýanyň hasabyna uly öňegidişlik gazandylar. Şol döwürde olaryň gymmatlyklaryndan biziň ata-babalarymyz özüne gerekli ýerlerini siňdirip aldy.
Häzirki döwür türkmenleriň aglabasy orta asyrlardaky ata-babalarymyzyň edişi ýaly arap-pars medeniýetine, şolaryň diline ýakynlaşmalymyka diýip pikir edýär. Ýöne bu ýalňyş düşünje. Olaryň döwri geçdi. Indi döwran başgaçarak halkaryňky. Eger, biz ata-babalarymyzyň edişi ýaly kulturamyza real goşant goşjak bolsak, ümzügi ileri siwilizasiýalara seretmeli. Ýagny, Ýewropa.
Adam atlary, dil, kanunlar, däp-dessurlar — sosial statusa we progrese uly täsir edýär. Şol sebäpli Zöhrä derek Wenera tarap ädim ätmelimikä diýýän.
메타데이터
- post_id
- dd5db29a5bd0
- slug
- zöhre-arapça-at-wenera-daksa-bolar-erbet-at-däl-dd5db29a5bd0
- url
- https://medium.com/@gutly/z%C3%B6hre-arap%C3%A7a-at-wenera-daksa-bolar-erbet-at-d%C3%A4l-dd5db29a5bd0
- canonical_url
- https://medium.com/@gutly/z%C3%B6hre-arap%C3%A7a-at-wenera-daksa-bolar-erbet-at-d%C3%A4l-dd5db29a5bd0
- author_url
- https://medium.com/@gutly
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-29 06:21:49