Aýnanyň reňki näme?
Siz hiç pikir etdiňizmi aýnanyň reňki barada? Her haýsy bir zadyň reňki şol zadyň üstüne gelen yşyk spektrasynda ýuwudylmaýan reňk, mysal…

Aýnanyň reňki näme?
Siz hiç pikir etdiňizmi aýnanyň reňki barada? Her haýsy bir zadyň reňki şol zadyň üstüne gelen yşyk spektrasynda ýuwudylmaýan reňk, mysal üçin ýaprak özüne gelen yşygyň ýaşyldan başga hemmesini ýuwutýar. Bu hemmelere mälim. Ak reňke gelen yşyklaryň hemmesi yzyna serpikdirilýär. Indi aýna seredeliň ol haýsy reňk? Özüne gelen hemme yşyklary yzyna ugratýar, bolmasa biz nädip özümizi göreli şeýle dälmi? Onda näme aýna ak reňkdemi? Aýnanyň öňüne näme geçse, aýna şol reňke bürünýär. Gara penjek geýýäň welin aýnada gara görünýär?!
Onda aýna ak reňkde däl. Aýna bilen ak reňkiň meňzeş häsiýeti bar. Emma olaryň yşygy yzyna serpikdirişi üýtgeşik ak reňk yşygy göni däl-de pytradyp yzyny urugdyrýar, aýna bolsa yşygy göni ýaýýar. Ak reňk bilen aýnanyň tapawudy şu. Ýöne aýna haýsy reňk ?! Jogap: Ýaşyl
Aýnalar gözümiz bilen görüp bilmejegimiz derejede pes hem bolsa Ýaşyl reňki has güýçli ýaýýar. Eger aýnanyň reňkini görmek isleseňiz iki aýnany bir-birine bakdyryň we arasynda durup serediň.


Çeşme: https://www.youtube.com/watch?v=-yrZpTHBEss&t=69s
bayriyev.me den alyndy
메타데이터
- post_id
- ded7f0a464cd
- slug
- aýnanyň-reňki-näme-ded7f0a464cd
- url
- https://medium.com/penjire/a%C3%BDnany%C5%88-re%C5%88ki-n%C3%A4me-ded7f0a464cd
- canonical_url
- https://medium.com/penjire/a%C3%BDnany%C5%88-re%C5%88ki-n%C3%A4me-ded7f0a464cd
- author_url
- https://medium.com/@geldiak
- status
- ok
- fetched_at
- 2026-07-30 09:06:05