← Back to list

SYÝASAT PELSEPESI #2 (Sokratyň Raýatlyk Garaýşy)

Bölüm 2/5 (Eseriň Syýasat Bilen Baglanşygy)

MUROSOF · 2022-05-08 12:08 · 1 claps · 3.1 min read
#pelsepe
Open on Medium ↗
Wiki topics: 📋 · Product Management

SYÝASAT PELSEPESI #2 (Sokratyň Raýatlyk Garaýşy)

Bölüm 2/5 (Eseriň Syýasat Bilen Baglanşygy)

Haýsydyr bir kişi ‘Apology’ eserini adalatsyz köpçilik ýa-da adalatsyz syýasy dolandyryş tarapyndan ezilen günäsiz we adalatly adamyň düşen agyr halynyň suratlandymasy hökmünde okap biler. Dialogy bu şekilde okamakda hiç bir ýalňyşlyk ýokdyr. Platon adalat baradky meselä ‘Döwlet’ atly eserinde Platonyň inisi Glaucon tarapyndan Sokratese soralan — adalatly bolmakmy ýogsa, adalatly görünmekmi has dogry — soragy bilen ele alýar. ‘Döwlet’ eserinde, Sokrat — zuluma, hatda ölüme sebäp bolsa-da, adalatly bolmaklyk has dogry bolýandygy — aýdýar. Sokratesiň kazyýet işi, diňe adalat bilen adalatsyzlygyň arasyndaky konfliktiň gadymy simwoly däldir, bu belli bir taryhy pursatda bolup geçen hakyky taryhy syýasy wakadır. Meniň pikirimçe Sokratesiň jogapkärçilige çekilmesi gowumy ýogsa erbetmi bolanyna, nähili pikir etyändigimize bagly bolup durýar.

Şeýle-de bolsa eserde suratlandyrylan wakalaryň daşynda ýa-da Platonyň bu eseri ýazmasyna sebäp bolan taryhy wakalar bar. Mälim bolşy ýaly Sokratyň kazyýet işi b.e.öň 399-njy ýylda we meşhur Peloponnes söweşinden soňra bolup geçdi. Bu söweşiň taryhy barada, ýaşy Sokratdan biraz uly bolan, döwürdeşi Thucydides tarapyndan ýazylypdyr. Thucydides tarapyndan ýazylan Peloponnes söweş taryhynda, gadymy Gresýanyň iki uly döwleti Sparta we Afiny we olara tarapdar döwletleriň arasynda bolup geçipdir. Sparta döwletine garşy söweşen Afiny döwleti, ol döwürlerde meşhur Periklesiň liderliginde syýasy güýje we abraýynyň iň ýokary derejesine eýedi. Ol döwürlerde Periklesiň ýolbaşçylygynda Afiny meşhur Akrapolisi gurupdy. Perikles hökümeti, Afinyny uly deňiz güýçlerine eýe bir döwlete öwürdi we öň görülmedik medeni durmuşy döretdi. Häzirki wagtda hem taryhçylar Afinynyň bu döwrini ‘Perikles Afinysy’ diýip belläp geçýärler.

Akrapolis __ b.e.öň V Asyr

Akrapolis __ b.e.öň V Asyr

Afiny, dünýäde öň deňi-taýy bolmaýan ilkinji demokratiýa döwletidi. Häzirki wagytda hem “Afiny demokratiýasy” jümlesi demokratik dolandyryşyň iň ideal görnüşini ýada salýar. Thucydides tarapyndan ýazylan taryha görä, Perikles: “Biz Hellasyň (Gresýanyň gadymy ady) mekdebi boldyk” diýip öwünýär. Ol: “Biz Şäherimiziň gapysyny bütin dünýä açýarys we duşmanlarymyz jomartlygymyzdan peýdalanjak hem bolsa bilim öwrenmek mümkinçiliginden hiç kimi asla mahrum etmeris.” diýýär. Bu bize oýlanmak üçin başga bir soragy emele getirýär. Dünýäde ilkinji bolan erkin we açyk jemgyýetiň sowatsyzlygyny tankyt eden, adamzadyň ahlagynyň we düşünjesiniň kämilleşmeginden başga hiç zat alada etmeýän adama näme üçin ölüm jesasy berdiler?

Peloponnes söweşi başlan wagtynda Sokrat 40 ýaşynda we Sokratyň özi hem ýurduny goramak üçin bu söweşe gatnaşandygyny ‘Apology’ eserinden öwrenýäris. Peloponnes söweşi uzak wagyt aralyklary bilen, takmynan otyz ýyl dowam etdi we b.e.öň 404-nji ýylda Afinynyň ýeňilmegi we bir ýyllap Afinyny dolandyrjak ‘Otuzlar Tiranlygy’ diýlip atlandyrylýan Sparta döwletine tarapdar oligarhiýanyň getirilmegi bilen tamamlandy. Bir ýyl soň, b.e.öň 403-nji ýylda Otuzlar Tiranlygy hökümedi wezipesinden agdaryldy we Afinyda demokratik dolandyryş gaýtadan dikeldildi. Mundan üç ýyl soňra, oligarhiýa hökümedine garşy demokratik hereketiniň esasy adamlary bolan Anytus, Meletus we Lycos atly üç adam Sokratyň garşysyna aýyplama bildirdi. Görşümiz ýaly, Sokraty aýyplaýan adamlar demokratik hereketiniň esasy adamlary bolan Anytus we Meletus atlaryny eseri okan wagtymyzda görmek bolýar. Belki-de ýagdaýa bu perspektiwadan seredip, soragy başgaça soramagymyz gereklidir. Belki-de biz: “Näme üçin Afinylylar Sokratesi kazyýet jogapkärçilige çekdiler?” soragyny däl-de, “Näme üçin Sokrata demokratik döwletiň kanunlaryny tankyt etmäne bu wagta çenli rugsat berdiler?” soragyny bermelidiris. Munuň üstüne bu wakanyň bolan döwürlerinde, demokratiýanyň ýaňy-ýakynda täzeden dikeldilendigini we Sokratyň dostlarynyň we şägirtleriniň Otuzlar Tiranlygy içinde ýer alandygyny hem goşuň.

Otuzlar tiranlygy agzalarynyň arasynda Critias atly bir adam bardy. Critias ady bilen bilinen Platonyň bir eseri bar we bu adam Platonyň garyndaşy bolupdyr. Yene bu Otuzlar tiranlygy agzalarynyň içinde başga biri, Charmides atly adam bardy. Charmides Platonyň kaksynyň doganlaryndan biri bolup we onuň hem adyny göterýän platoniki dialogy bar. Mundan başga-da, Platonyň özüne hem Otuzlar tiranlygyna goşulmagy teklip edipdirler. Platon has soňralar [Otuzlar Tiranlygy hökümeti] hakynda: “Olar özlerine garşy şeýle bir ýigrenç oýandyryjy hala geldiler welin, öňki demokratik hökümet (Perikles hökümeti) olaryň döwri bilen deňeşdireniňde altyn döwür ýaly görünýärdi” diýip aýtýar. Bellemek isleýän zadym, Sokratesiň şägirtleriniň we dostlarynyň köpüsiniň, şol sanda Platonyň özüniň hem Afinyny gysga wagtlaýyn dolandyran oligarhiýa hökümeti bilen baglanyşygynyň bar bolmasydyr. Bu sebäpden Sokratesden hem şübhelenilýärdi. Häzirki wagtda hem, biz-de adamlara dostlaryna seredip baha bermeýärismi näme? Gynansakda hiç kim şübheden ýakasyny gutaryp bilmeýär. Sokratyň özi hem Periklesden soň Afinyda ady meşhur bolan Alcibiades atly adamyň ýakyn dostydy. Alcibiades Afinylylar üçin soňy betbagtçylyk bilen gutaran, Sisiliýa söweşiniň çykmasyna meçew beren we soňra Spartanyň tarapyna geçip öz ölümine sebäp bolan adamdy. Şol bir wagtyň özünde, Alcibiadesiň Sokrat bilen gatnaşygy, Platonyň ‘Simpozium’ eserinde serhoş bolup gürleýän adam höküminde suratlandyrylýar.

Görşümiz ýaly, Sokratyň kazyýet işi ýa-da bu eseriň arka tarapy döwlet häkimýeti üçin harby çaknyşygyň, direnişiň, dildüwşügiň we dönükligiň kölegesinde bolup geçdi. Sokrates kazyýet jogapkärçiligine çekilen wagtynda ýetmiş ýaşyndady we örän dartgynly syýasy hadysalaryň bolan wagtyna gabat gelýär. Bu ýagdaý, häzirki wagytda şaýatlyk edýän demokratik respublikalarmyzdaky syýasy partiýalaryň arasyndaky çykýan konfliktlerden has howply bir ýagdaý bolupdy.


메타데이터
post_id
e02fddc28e67
slug
syýasat-pelsepesi-2-sokratyň-raýatlyk-garaýşy-e02fddc28e67
url
https://medium.com/@murosof.tm/sy%C3%BDasat-pelsepesi-2-sokraty%C5%88-ra%C3%BDatlyk-gara%C3%BD%C5%9Fy-e02fddc28e67
canonical_url
https://medium.com/@murosof.tm/sy%C3%BDasat-pelsepesi-2-sokraty%C5%88-ra%C3%BDatlyk-gara%C3%BD%C5%9Fy-e02fddc28e67
author_url
https://medium.com/@murosof.tm
status
ok
fetched_at
2026-07-15 09:18:48